Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti nebiti gaýtadan işlemekde innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy
06.05.2024

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow 2024-nji ýylyň dört aýynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak barada görülen çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle-de polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

çeşme: https://turkmenistan.gov.tm/