Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti maslahata gatnaşdy
04.05.2024

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýyldaky maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahata Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary şeýle hem Yewropa sebitiniň agza döwletleriniň 53-siniň gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ý.Saunders gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Bütindünýä gümrük guramasyny döwrebaplaşdyrmak we Ýewropa sebiti derejesinde gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, elektron söwdany höweslendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem gatnaşyjylara guramanyň maliýe we gözegçilik komitetleriniň hasabatlary we 2024-2025-nji maliýe ýyly üçin býujetleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Brýussele eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine BGG-niň sebitleýin okuw merkezi derejesini almak barada ylalaşyk gazanyldy.