«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýynda ýerine ýetirýän giň gerimli işleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Ýakynda burawlaýjy toparyna ýolbaşçylyk edýän tejribeli Gürjitagan Taganbaýew tarapyndan geologiýa-tehniki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi we ýokary hilli özleşdirmek işleriniň netijesinde, Nogaý känindäki 7-nji gözleg maksatly guýusyndan taslama çuňlugy 2 müň 750 metr bolan guýynyň aşaky gyzyl reňkli gatlagyndan uly möçberde gaz-kondensat senagat akymy alnyp, Körpeje gaz çykaryş müdirligine önümçilige tabşyryldy. Bu işlerde öňdebaryjy toparlarymyzyň burawlaýjylary has-da gaýratly hem-de tutanýerli zähmet göreldesini görkezdiler. Gazanylan üstünlik, ýetilen belent sepgit Nogaý käniniň senagat akymy bolan çig mallara baýdygyny ýene bir gezek subut etmek bilen, müdirligiň zähmetsöýer burawlaýjylaryny uly şatlyga besledi. Häzirki wagtda bu meýdançada tebigy baýlygyň çäklerini anyklamak boýunça 2-nji gözleg guýusynda gurnama-gurluşyk işleri ýokary depginde utgaşykly dowam etdirilýär.
— Müdirligimiziň edermen, zähmetsöýer burawlaýjylary işlerinde uly üstünlikleri gazanmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşy ugrunda gijesini gündiz edip zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler — diýip, müdirligiň başlygy Seýitmämmet Gylyçnyýazow buýsanç bilen gürrüň berdi.