Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.
çeşme: https://tca.gov.tm/