Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Arkadag» toparynyň ýeňişli menzilleri uzaýar
02.05.2024

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň ikinji oýun gününiň duşuşyklary geçirildi.

Tapgyryň esasy duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda «Altyn Asyr» ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» toparyny kabul etdi. «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:2 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy. 

Öz meýdanynda «Merwi» kabul eden «Ahal» topary çempionatdaky 7-nji ýeňşini gazandy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen bu duşuşyk 5:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy Balkanabat şäherinde guralyp, onda ýer eýesi «Nebitçi» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyndan» 2:1 hasabynda asgyn geldi. 

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň ýeňlişsiz ýoldan ynamly barýan «Arkadag» topary toplan 27 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde 21 hem-de 18 utukdan toplan «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary ornaşdylar.

11-nji tapgyryň duşuşyklary:

 «Ahal» – «Merw» – 5:1

Gollar: 11, 77 Salim Umarow, 21 Akmämmet Metdäýew, 90+4 Begenç Mämiýew, 90+6 Alibek Abdyrahmanow («Ahal») – 60 Ambýar Mahmudow («Merw») 

«Nebitçi» – «Şagadam» – 1:2

Gollar: 66 Arslangylyç Nazgylyjow («Nebitçi») – 6 Selim Ataýew, 23 Daýanç Durdyýew («Şagadam»)

 «Altyn Asyr» – «Arkadag» – 2:4

Gollar: 55 Röwşengeldi Halmämmedow, 76 (11 m.j.u.) Arslan Saparow («Altyn Asyr») – 10, 63 Şamämmet Hydyrow, 34 Didar Durdyýew, 58 Begenç Akmämmedow («Arkadag»)

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 4-nji maýda geçiriler: «Arkadag» – «Nebitçi», «Şagadam» – «Ahal», «Energetik» – «Köpetdag», «Merw» – «Aşgabat».

çeşme: https://tca.gov.tm/