Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow şenbe güni Belgiýanyň Lýowen şäherinde “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň Söwda ösüş müdiri Werner Piters bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekili türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Werner Piters şeýle hem kompaniýanyň önümlerini türkmen kärhanalaryna we edaralaryna tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistana barmagy meýilleşdirýändigini belledi.
Tanyşdyryş dabarasyndan soň, ilçi kompaniýanyň işinde ulanylýan innowasion tehnologiýalary we enjamlary görmek üçin “CAMCO Technologies” kompaniýasynyň önümçilik kärhanasyna aýlanyp gördi.
1999-njy ýylda döredilen “CAMCO Technologies” kompaniýasy konteýnerleri skaner etmek boýunça tehnologiýalar, ýük ulaglaryny yzarlamak we geçirişiň innowasion çözgütleri boýunça öňdebaryjy üpjün ediji we öndüriji bolup durýar. Kompaniýanyň Ýewropada, ABŞ-da, Hytaýda, Ýakyn Gündogarda we Awstraliýada wekilhanalary bar.
çeşme: https://railway.gov.tm/