Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
çeşme: atavatan-turkmenistan