Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Stol tennisi boýunça Aşgabatda geçen ýaryş ýygyndy topar üçin ýaş türgenleri seljermäge mümkinçilik döretdi
30.04.2024

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde 2013-2014-nji ýyllarda doglan türgenleriň, şeýle hem 2015-nji ýylda doglan we şondan kiçileriň arasynda stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi.   

Ýaryşa Aşgabat hem-de Mary şäherlerinden bolan ýaşajyk türgenleriň 50-si gatnaşdy.

2013-2014-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky oglanlaryň ýaryşynda Mukam Artykow birinji orna mynasyp boldy. Dörtguly Allanazarow ikinji orny eýelese, Arslan Gurbanow öňdäki üçlügi jemledi.

Şol ýaşdaky gyzjagazlaryň ýaryşynda Şirin Çaryýewa ýeňiş gazandy. Elina Ahmedowa ikinji orna, Bibimerýem Annaýewa bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.

2015-nji ýylda doglan hem-de şondan kiçi oglanjyklaryň bäsleşiginde Nazar Abdyýew ýeňşi hiç kime bermedi. Resul Ýegenberdiýew ikinji ýere eýe çykdy. Silapberdi Ýolbarsow bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Şu ýaşdaky gyzlaryň bäsleşiginde Sabina Wolçemise taý gelen bolmady. Safiýa Begenjowa ikinji orny eýelese, Jennet Pigamowa üçünji boldy.   

Ýaryşyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Sowgatlary Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň başlygy Agamyrat Allanazarow gowşurdy.

Ýaryş tälimçilere Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna mynasyp türgenleri kesgitlemäge, halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we ýaryşlara gatnaşmak üçin dürli ýaşly oýunçylary seljermäge mümkinçilik berdi.

Çeşme: https://tca.gov.tm