Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Duşenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy
30.04.2024

Duşenbe güni, 29-nji aprelde, birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy, ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri, içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "BND 60/90" kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 757 204,70 manat we 394 260 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: https://tca.gov.tm/