Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO bilen bilelikde baýram etmegiň çäklerindäki çäreler üstünlikli tamamlandy.
Munuň özi ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaran ilkinji medeni forum boldy. Türkmen wekiliýetiniň we halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlarynda medeni gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenisatnyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýew, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ottone Ramirez, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Wera El-Huri Lakaulýo, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkeziniň direktory Lazar Elundu Assomo, TÜRKSOÝ-yň Baş direktory Sultan Raýew, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Maksat Çaryýew bar.
Fransiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistanyň medeniýet we sunagt ussatlarynyň konsertine tomaşa etdiler. Konsertde türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Daňatar Öwezowyň, Nury Muhadowyň saz eserleri, Magytmguly Pyragynyň şygyrlary esasynda döredilen aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary ýaňlandy. Tans toparlary folklor-tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni-mirasy” atly sergi ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgylar ýygyndylary, milli amaly-haşam we çeperçilik sungatynyň nusgalary bilen tanyşdylar.
Çeşme: https://tca.gov.tm