Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilýeti elektrik pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gepleşikler geçirmek üçin Tähran şäherinde saparda bolandygyny «Tehran Times» gazetine salgylanyp, «Daryo» habar berýär.
Taraplar umumy mümkinçilikleri giňeltmek we iki döwletiň arasynda üçünji elektrik geçirijisini gurmak we ýola goýmak üçin bilelikdäki kärhana taslamasyny maliýeleşdirmegi barada pikir alyşdylar.
«Tanavir» daşary söwda edarasynyň baş müdiri Mehrdad Eklimi: «Ýokarda agzalan elektrik geçirijisi işe başlansoň, iki goňşy ýurduň arasyndaky elektrik torunyň kuwwaty üç esse artar» - diýdi.
Şeýle hem Türkmenistan Owganystany, Özbegistany we Gyrgyzystany elektrik togy bilen üpjün edýär. Aşgabat Kawkazyň (Eýranyň üsti bilen) we Günorta Aziýanyň (Owganystanyň üsti bilen) bazarlary bilen gyzyklanýar.
Türkmenistanda elektrik togy tebigy gazdan öndürilýär. Döwlet meýilnamasyna laýyklykda, elektrik energiýasynyň umumy önümçiligi 2021-nji ýyldaky 28,4 milliard görkezijisi bilen deňeşdirilende, 2028-nji ýylda 37,5 milliard kilowat sagada çenli ýokarlandyrylar.
Çeşme: https://railway.gov.tm/