Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
29.04.2024

28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze doglan taýçanaklara Gahryman Arkadagymyzyň Şahyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ylham diýen atlary dakmaklary hem şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek, baýlaşdyrmak boýunça işler täze derejelere çykarylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda döredilen ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar. Akademiýa öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri we umumy, tejribe, amaly sapaklary geçmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem hereket edýär.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Şanly sene mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bu ajaýyp baýramyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyz we hormatly myhman ýygnananlary mähirli mübärekläp hem-de birek-biregi gutlap, dabara geçirilýän wagtynda ussat senetçileriň, çeper elli zenanlaryň şäherjigine öwrülen toplumyň çägine barýarlar. Folklor toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýatladýar. Gelin-gyzlar sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar, tikinçilik işleri bilen meşgullanýarlar, keçe basýarlar. Şeýle hem bu ýerde täsin bezeg şaý-seplerini döredýän zergäriň iş pursady görkezilýär. Muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de sergilenýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda ajaýyp bedewler şekillendirilýär. Bedewleri baýramçylyga kybap bezemek üçin ajaýyp şaý-sep toplumlary bolsa türkmenleriň ýelden ýüwrük atlara goýýan çäksiz sarpasynyň güwäsidir.

Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz hormatly myhman bilen bilelikde dürli tilsimleri, çeýeligini we ussatlygyny görkezýän pälwanlaryň göreşini synlaýarlar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary, tans toparlary dabara gatnaşýanlary joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Türkmenleriň ata-babalary bu ugurda tutanýerli zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýelden ýüwrük bedewlere birnäçe ylmy we edebi eserlerini bagyşlady. Olarda halkymyzyň bu ugurda döreden parasatly nakyllary, pähim-paýhaslary, gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Dürli dillere terjime edilen bu eserler dünýä jemgyýetçiliginiň hem mirasyna öwrülip, ahalteke bedewlerine gyzyklanmanyň barha artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýar. Onuň esasy bezegi bolsa at çapyşyklarydyr.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow özleri üçin niýetlenen ýere geçýärler.

Ady rowaýata öwrülen bedewlere belent sarpa goýýan we olary wagyz edýän döwlet Baştutanymyz milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Muňa Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärlerine, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna “akylly” şäherde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýleriň açarlaryny gowşurmagy hem şaýatlyk edýär.

Alyp baryjy baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Halk seçgiçileri we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp sungaty döredip, arassa ganlylygyny saklamak bilen, olaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirýärler. Halkymyzyň seýisçilik sungatynyň esasy aýratynlygy gadymdan gelýän özboluşly atşynaslyk däplerine esaslanýar. Tejribeli seýisleriň belleýişleri ýaly, atyň gyňyr gylygyny, baş bermezligini görkezmegi, diňe taýçanaga dogry tälim berlende, onuň adamyň hoşniýetli, wepaly dostuna öwrülýändiginiň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Atşynaslyk ýörelgeleri asyrlarboýy nesilden-nesle geçirilip, häzirki wagtda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän ajaýyp mirasyna aýawly çemeleşmegiň şöhratly ýoly dowam etdirilýär.

Türkmenistanda at çapyşyklary häzir hem uly meşhurlyga eýedir. Münberdäki janköýerleriň dykgat bilen syn eden ýaryşlary iki sagatdan gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlar üçin uly synagdyr. Ol çapyksuwardan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Şu gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.

Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ýelogly atly bedewi pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary M.Kiçigulow.

Ikinji çapyşygyň menzili hem 1200 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Garaýel atly bedewi birinji gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary K.Polaýew.

Üçünji çapyşykda-da bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Dorsekil atly bedew ýeňiş gazandy. Dorsekiliň çapyksuwary Y.Allanazarow.

Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Onda çapyksuwar H.Nazkulyýewiň erk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Menzil atly bedewi birinji gelmegi başardy.

Bäşinji çapyşyk ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II diýen dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.

Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary Ş.Myradow.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary B.Agamyradow.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň şöhratly geçmişimizi, häzirki döwrümiziň ägirt uly özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlary tomaşaçylara şatlyk paýlady.

Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meşhur atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby O.Annaýew.

Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň goýan rekordlarynyň köpüsini häli-häzire çenli täzelemek başartmaýar.

Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli Toýçy atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Ý.Garajaýew.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.

Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek babatda yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, bedewleriň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde baýramçylyk çäreleri dowam etdi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Dynç güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi. Olaryň maksatnamalaryny konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, köpçülikleýin gezelençler, ýurdumyzyň atşynaslaryny, seýislerini sylaglamak çäreleri düzdi. Baýramçylyk mynasybetli guralan döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýelän hem-de ynsany hemişe ruhlandyrmagy başarýan behişdi bedewlere bagyşlandy.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli atçylyk ýörelgelerini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler arkaly iri halkara atçylyk merkezi hökmünde ornuny berkidip, bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi