Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
27.04.2024

26-njy aprelda irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Asyl watany bereketli türkmen topragy bolan behişdi bedewler dünýä atçylygynyň täsinligi hökmünde ykrar edildi. Ahalteke bedewleri halkymyzyň gymmatly buýsanjy bolup, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan dabaralara dünýäniň dürli ýurtlarynyň ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, belli atşynaslar, bu ugra degişli hünärmenler, alymlar, bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikde uly abraýa eýediginiň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

Ajaýyp ahalteke bedewleriniň ýanynda bolan söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bedewleriň paýhasly pederlerimiziň ýiti zehininiň miwesidigini we onuň biziň günlerimize gelip ýeten inçe sungatdygyny belledi. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny saklamak üçin ähli zerur şertler döredildi. Şunda bu ýerleriň tebigy aýratynlygy, howa gurşawynyň ýakymlylygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge, ony halkara giňişlikde wagyz etmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär.

Katarina Ýakob türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we ahalteke atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda halkara ähmiýetli forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol atçylygy durmuş ýörelgesine öwren hünärmenler üçin ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda guralýan dabaralara gatnaşmagyň uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Myhman köp ýyllardan bäri atçylyk bilen gyzyklanýandygyny, ahalteke bedewlerini bolsa özüne has ýakyn saýýandygyny belledi hem-de ganatly bedewleriň asyl mekanynda bolmagyň, arassa ganly ahalteke atlary bilen didarlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze belentliklerine çykandygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ugurlaryny öz içine alýandygy, şunda atçylyk pudagyna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň aprelinde Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolandygyny ýatlap, onuň çäklerinde Germaniýanyň Atçylyk toplumyna baryp görendigini, ol ýerde idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanşandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşmeginiň daşary döwletler bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýändigini, dürli ýurtlaryň wekilleriniň assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilmeginiň atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýandygy nazara alnyp, Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakobyň Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna mynasyp bolmagynyň onuň bu ugurda çekýän zähmetine berlen ýokary bahadygyny belledi.

Myhman Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dünýäniň atçylyk pudagynda naýbaşy tohum hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşmagyň durmuş ýörelgesine öwrülendigini, munuň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden Arkadag şäheriniň köpugurly stadionyna geldi. Döwrebap stadionda “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri türgenleşik geçýärler. Gahryman Arkadagymyz türkmen sportunyň belende galmagy ugrunda yhlasyny gaýgyrman tagalla edýän futbolçylaryň türgenleşiklerini synlady.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň futbol topary 2023-nji ýylda döredilip, ilkinji ýyldan üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, “Arkadag” futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda ýurdumyzyň Kubogyna eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz futbolçylaryň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, döwletimiziň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy.

Futbolçylar Arkadag şäherinde göwnejaý ýaşamak, dynç almak, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türgenler türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda türkmen futbolyny halkara derejä çykarmak babatda hemmetaraplaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi we futbolçylaryň öňde boljak ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.