Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Garabogazköl aýlagynyň mineral-çig mal gorlaryny özleşdirmek boýunça zawod gurmakçy
26.04.2024

Türkmenistan ýakyn geljekde Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň mineral-çig mal gorlaryny özleşdirmek üçin zawod gurmagy meýilleşdirýär diýip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2024) çarşenbe güni eden çykyşynda mälim etdi. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

“Aýlagyň baý mineral serişdeleri magniý, natriý duzlarynynyň birnäçe görnüşlerini, brom we bor birleşmelerini öndürmek üçin egsilmez çig mal bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýakyn geljekde Garabogazköl aýlagynyň gaýtalanmajak mineral-çig mal gorlaryny toplumlaýyn özleşdirmek boýunça häzirki zaman himiýa kärhanasyny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar” diýip, Döwrangeldi Sapbaýew belledi.

Döwlet konserniniň başlygy ýakyn geljekde ýod, brom we olaryň önümçiligi boýunça üç sany täze zawodyň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny hem aýtdy.

Şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Pariž şäherinde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) geçirildi. Çäräniň çäklerinde nebit we gaz serişdelerini gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.