Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu döwrebap işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli-gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar.
Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginde bitirilýän işler hem maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada müdirligiň baş geology Meretgylyç Tuwakgylyjow şeýle gürrüň berdi:
— Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil buraw desgalaryna we enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän kärhananyň zähmet toparlary has çuň gatlaklara ynamly aralaşyp, täze üstünlikleri gazanýarlar. Watanymyzyň çäklerindäki ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy şu müdirligiň hünärmenleriniň netijeli zähmetinden üzňe göz öňüne getirmek kyndyr. Goturdepe baýlyklar mesgeninden alynýan nebit çig malynyň möçberi tutuş «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleri tarapyndan çykarylýan «gara altynyň» üçden birine barabardyr. Häzirki wagtda ynamly özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe meýdançasy bolsa bu ýeriň geljeginiň has-da uludygyna güwä geçýär.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän müdirligiň burawlaýjylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň döredijilik ruhuna mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Günbatar sebitiň ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan meýdançalarynda şu ýylyň geçen 11 aýynda dag jynslarynyň jemi 44 müň 755 metrine derek, 59 müň 872 metri gazylyp, bellenilen meýilnama 134 göterime barabar amal edildi. Şunda ulanyş maksatly guýulary burawlamakda geçilen çuňluklar 53 müň 567 metre barabar bolup, bu babatdaky tabşyrygyň 157 göterim berjaý edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, hasabat döwründe goturdepeli burawlaýjylar täze guýularyň 12-sine derek 16-synda gazuw işlerini üstünlikli tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Şolaryň 14-siniň ulanyş maksatly guýulardygy has-da begendirýär.
— Gazanylýan üstünliklerde Myrat Garaýew, Täçberdi Dädebaýew, Maksat Aşyrmämmedow, Gurbanberdi Täşliýew ýaly öz işlerine ussat halypalaryň ýolbaşçylyk edýän buraw toparlarynyň has saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda burawlaýjylarymyz täze guýularyň ýene ýedisiniň gazuw işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Ol guýulardan hem uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryna garaşýarys. Bize häzirki zaman dünýäsiniň kämil enjamlaryna başarjaňlyk bilen erk edip, has çuň gatlaklara aralaşmagymyz, uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryny tapmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, müdirligiň baş geology Meretgylyç Tuwakgylyjow aýdýar.