
Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek — 1995-nji, 2015-nji hem-de 2025-nji ýyllarda ykrar edildi. Bu şanly seneler dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň giň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýar.
Hemişelik Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilenligindedir. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr. Şoňa görä-de, 12-nji dekabr — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilen güni Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi hem-de parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Sona ISLAMOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy
Çeşmesi: "Nebit-gaz" gazeti