Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Joşgunly zähmete sarpa
11.12.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ösüşleriň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar, dünýä döwletleriniň arasynda ýurdymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetinde ägirt uly halkara abraýa eýedir. 

Gün saýy özgerýän ata-Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Ine dekabr aýynyň 7 - 11-i aralygy  hem "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda" Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän "Daýanç" sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda 
"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly - Galkynyşly eýýamyň okgunly ösüşleriň ýyly" atly okuw maslahaty gurmaçylykly geçirildi. Bu maslahata welaýatymyzyň medeniyet, sungat, saglyk, bilim işgärleri bilen bir hatarda "Türkmennebit" döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda  zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem gatnaşdylar. Şeýle okuw maslahatlaryň geçirilmegi, geljekde işimizde zähmetkeşleriň iş ýagdaýlaryny has gowylandyrmakda, tehniki howpsuzlygynyň kada kanunlaryny doly berjaý etmekde ähmiýeti örän uly bolar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşinde, ylymda, bilimde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary ösüşe gönükdirmekde kärdeşler arkalaşyklaryň alyp barýan işleri we gazanylan üstünlikleri, öňünde durýan wezipeleri barada giňişleýin durup geçdiler.  Okuw maslahatynyň dowamynda dürli medeni çäreler we sportuň dürli görnüşleri gurnaldy.

Çykyşlaryň ahyrynda, maslahata gatnaşyjylar döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady, syýasy we medeni özgertmelere işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

 

“Türkmennebit” DK-niň
„Nebitgazburawlaýyş“ trestiniň 
Nebit we gaz guýularyny berkitmek 
boýunça müdirliginiň uly proraby
konserniň zenanlar guramasynyň başlygy
Ogulbibi Şyhyýewa