Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Bi­ta­rap­ly­gy­myz­ dün­ýä­de­ uly ­gol­da­wa ­eýe ­bol­ýar
14.04.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şygary astynda toýlara beslenýän 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ilkinji sapar 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda, ikinji sapar 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa üçünji sapar degişli Kararnama esasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» derejesi ykrar edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip 2025-nji ýylyň atlandyrylmagy biziň ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň, halkara guramalarynyň arasyndaky abraýyny we tutýan ornuny açyk görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýene bir ýola Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini hem-de kesgitleýän anyk wezipelerini aýdyň görkezýär.

Dünýä jemgyýetçiligi BMG bilen Türkmenistanyň garaýyşlarynyň, maksatlarynyň meňzeşdigine doly göz ýetirdi. Bu hem dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyza bolan ynamyň ýokarlanýandygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary, tagallalary netijesinde Watanymyzyň bedew bady bilen diňe öňe gitjekdigi şübhesizdir. Maksatlaryň, ýörelgeleriň üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegi, röwşen geljege berk ynam döredýär.

Döw­let ATA­MY­RA­DOW,

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky HNGU-nyň mu­gal­ly­my.

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti