Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Keýmir käniniň nebit we gaz ýataklarynyň gorlarynyň ýerleşişi
02.04.2025

Keýmir käni Günbatar Türkmenistanyň günorta kenarýaka böleginde, Ekerem we Çekişler känleriniň arasynda ýerleşendir. 1987-nji ýylda 22 sany gözleg-agtaryş we birnäçe ulanyş guýularynyň burawlanyşynyň maglumatlary boýunça nebitiň, gazyň, kondensatyň gorlaryny bahalandyrmak bilen, käniň geologik gurluşyny takyklamak we netijeleri umumylaşdyrmak babatda işlere başlanyldy.

Keýmir nebitgazkondensat käni Günbatar Türkmen çöketliginiň iri gurluş-tektoniki elementleriniň biri bolup durýan Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynyň çäklerinde ýerleşýär.

Känlerde nebitgazdoýgunlylygyň gaty 600 — 950 metre deňdir. Esasy önümli gorizontlaryň ýatyş çuňlugy giň çäklerde 2 müňden (Ajyýap) 3 müň 550 metre çenli (Nebitlije) üýtgeýär. Kesimiň önümliligi burawlaýyş arkaly açylmadyk uly çuňluklarda çaklanylýar.

Käniň nebit we gaz ýataklary bäş sany bloklara gabat gelýär: I, II, IIa, III, IIIa, olar 2 müň 500 metrden (IX gorizont) 3 müň 350 metre çenli (AG8 — AG9 gorizontlar) çuňluklarda ýatýarlar. Aýry-aýry gorizontlarda we bloklarda doýgunlyk häsiýeti boýunça nebit, depe gazly nebit, nebit parawuzly gaz ýataklary bölündiler.

Kände kesim boýunça aşaklygyna hereket etmeginiň derejesine görä, ýataklaryň meýdanynyň ölçegleriniň kanunalaýyk üýtgemesi bellenilmeýär. Nebit we gaz ýataklarynyň ýatyş çuňluklarynyň ösmegi bilen, kesimiň toýunlylygy ýokarlanýar, aýry-aýry gorizontlar boýunça netijeli nebitgazdoýgunly galyňlyklaryň, kähalatlarda olaryň doly çürelip inçelmegine çenli azalýandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýataklaryň meýdanynyň ölçegleri az derejede plikatiw faktorlary bilen, köp derejede bolsa, kollektorlaryň litologik çürelip inçelmegi ýa-da olaryň toýunlar bilen ýerini çalyşmagy arkaly gözegçilige alynýar.

Gözleg-agtaryş burawlaýşy goýmak üçin esaslandyrma bolup hyzmat eden meýdan geofiziki barlaglaryň netijeleri ýokary hilli, ygtybarly bolup çykdy. Seýsmiki-agtaryş maglumatlary boýunça alnan struktura gurluşlary çuňňur guýularyň burawlaýşynyň netijesinde doly tassyklanmasyny tapdy.

Kände nebitiň, gazyň senagat ähmiýetli gorlaryny köpeltmegiň potensial mümkinçilikleri entek tükenenok. Olar C2-den C1 kategoriýaly gorlara geçmegiň, şeýle hem GGB maglumatlarynyň birmeňzeş bolmadyk interpretirleme zolagynda pes udel garşylyk bilen häsiýetlendirilýän ýataklaryň ýüze çykarylmagynyň hasabyna artdyrylyp bilner.

Bagtygül ANNAGELDIÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri.

«Nebit-Gaz» gazeti