
Düýn Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dünýäde ekologik abadançylygy gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr» ady bilen halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata türkmen we daşary ýurtly alymlar, şeýle hem Beýik Britaniýanyň «Intelion Energy Group Limited», Ýaponiýanyň «Tokyo Boeki», Fransiýanyň «Buig Türkmen», Russiýanyň «Tatneft», Hytaýyň «CNPC» ýaly kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşyp, ekologik abadançylygy gorap saklamak babatda giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlar «ýaşyl» tehnologiýalar, senagat himiýasy we ekologiýasy, nebitgaz ýataklarynyň ugurdaş hem-de gatlak suwlarynyň himiýasy, ekologiýasy ýaly ugurlara bagyşlandy.
Bu çykyşlaryň köpüsi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň daşary ýurtlaryň ylym ojaklary, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýerine ýetirilen ylmy barlag işleriniň netijeleridir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa institutynyň arasynda bilelikdäki başlangyç ylmy-barlag taslamasynyň çäklerinde ýerli çig mal minerallary we ösümlik gelip çykyşly organiki serişdeleri ulanyp, ekologik howpsuz organomineral dökünleri almagyň usullary boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky bilelikdäki ylmy-barlaglaryň oňyn netijeleri ylmy-amaly maslahatda öz beýanyny tapdy.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forum guralyp, onuň bilen ugtaşyklylykda geçirilen türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin ylmy we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda uzak möhletli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Bu ugurdaky ylmy hyzmatdaşlyk Garabogaz aýlagynyň gidromineral serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça düýpli ylmy-barlag işlerini geçirmäge gönükdirilendir. Ylmy-amaly maslahatda bu ugurdaky netijeler bilen tanyşdyryldy.
Daşky gurşawa zyňyndy gazlary bölüp çykarýan önümçilikleriň biri sement önümçiligidir. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda Fransiýanyň «Buig Türkmen» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça «Ýerli çig mallaryň esasynda bölünip çykýan parnik gazlary azaldýan sementi öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek» diýen tema boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Netijede, sement önümçiliginde daşky gurşawa bölünip çykýan parnik gazlaryny azaltmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatda bu ugurdaky ylmy-barlaglarda alnan ygtybarly maglumatlara hem uly ähmiýet berildi.
Himiýa instituty bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyklar netijesinde ylmy barlag işleri ýerine ýetirildi. Ylmy-amaly maslahatda bu işleriň netijeleri barada hem aýdyldy.
Halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar hem geçirildi.
Rejepnur NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghana müdiri, tehniki ylymlaryň doktory. Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.
Çeşme: Türkmenmetbugat