Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Önüm beriji täze guýularyň sany artýar
28.03.2025

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň netijeli işlemekleri üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinden ruhlanýan türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde tagallalaryny gaýgyranoklar. Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmek, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, bu topluma döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak bolsa «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň hem esasy wezipeleri bolup durýar. Olaryň nebitgazly ýataklarda alyp barýan işleri döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu ugurda önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýan kuwwatly desgalar burawlaýjylara has çuň gatlaklara ynamly aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Soňky wagtlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen daşary ýurtlardan satyn alynýan kuwwatly buraw desgalary konserniň «Goturdepe», «Nebitdag», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri tarapyndan netijeli işledilýär. «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri bolsa Uzynada ýatagynda täze guýulary gazmakda has-da göreldeli işleri bitirýärler. 2017-nji ýylda bu baýlyklar käninde burawlanan 7-nji guýudan bol önüm alynmagy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň mähirli Gutlagyna mynasyp bolmaklary konserniň burawlaýjylaryny täze üstünliklere ruhlandyrdy. Diňe 2023 — 2024-nji ýyllarda buraw işleri müdirlikleriniň hut şu ojakda gazan sekiz sany täze guýusynyň häzirki günlerde uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryny eçilýändiklerini, olaryň aglabasyny «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlarynyň amala aşyrandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek.

Körpejeli burawlaýjylar eziz Diýarymyzda buýsanç bilen dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem öwgä mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Kärhananyň hünärmenleriniň bu baýlyklar mesgeninde şu ýylyň 11-nji fewralynda gazuw işlerini tamamlap, senagat taýdan özleşdirmäge tabşyran 85-nji guýusyndan häzirki günlerde uglewodorod çig mallarynyň bol akymy alynýar. Körpejeli burawlaýjylaryň Halkara Nowruz gününiň öň ýanynda Uzynada ýatagynda täze gazylan 81-nji ulanyş maksatly guýudan gaz kondensatynyň senagat akymyny almaklary bolsa bu kärhanada gazanylýan üstünligiň dowamat tapýandygyna şaýatlyk edýär. Aslynda hem, uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryň mekany bolan Hazar ýalpaklygyny hem-de Balkan welaýatynyň tutuş nebitgaz ojaklaryny senagat taýdan özleşdirmek wezipesi döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunda deňziň türkmen kenarynyň gury ýer çäklerinde hem-de suw ýalpaklarynda nebitli, gazly känleri açyp ulanyşa girizmek öňde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Häzir bu ojakda gözleg-barlag işleri bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň hem köp sanlysynyň gazylmagy alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmäge, tebigy baýlyklaryň çykarylyşyny durnukly artdyrmaga, önüm berýän guýularyň sanyny köpeltmäge ýardam edýär.

Körpejeli burawlaýjylaryň gazuw işlerini üstünlikli tamamlan bu täze guýusy häzirki wagtda her gije-gündizde 40 tonnadan gowrak gaz kondensatyny we 60 müň kub metre barabar tebigy gaz berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan «ZJ — 70 DB» kysymly kuwwatly buraw desgasynda buraw başlygy Bäşim Gurbanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlaryň tagallasy bilen gazylan täze guýy konserniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi.

— Zähmet toparlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek barada öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek hyjuwy bilen joşýarlar. Hut häzirki wagtda şu hazynalar mesgeninde gazyljak 75-nji täze guýynyň gurnama işleri tamamlanyp barýar. 81-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, önümçilige tabşyran toparymyz bolsa ýakyn günlerde şu ýerde burawlanjak 73-nji guýynyň gazyljak ýerine göçüp ýör. Bu guýularyň ikisiniň hem uglewodorod çig malynyň bol akymyny berjekdigine pugta ynanýarys. Biz milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri hasaplanýan ulgamda halal zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň başlygy Süleýman Nyýazmeňliýew buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».