Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gazçylaryň baýramçylyk zähmet sowgatlary
22.11.2023

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarynyň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet sowgatlary bilen barýarlar.

Gazçylar tarapyndan Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerinden birbada iki guýudan tebigy gazyň alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny alyp, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar guýynyň buraw işlerini 4 müň 590 metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Gazçylar 4 müň 527 — 4 müň 315 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 130 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 1 million 700 müň kub metrden köpräk tebigy gaz berýär.

Bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde «Galkynyş» gaz käniniň geologik hem-de tehniki häsiýetlerine gabat gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary tehnologiýaly ýerasty enjamlary giňden ulanyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary bolsa Tagtabazar gaz käniniň 29-njy belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Olar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly guýynyň buraw işlerini 1 müň 940 metr çuňluga ýetirdiler hem-de 1 müň 893  — 1 müň 883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi burawlaýjylaryň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde iki ýüz ýigrimi alty müň dört ýüz kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» iň esasy aýratynlygydyr. Bu bolsa şu ulanyş, baha beriş guýusyndan alynjak tebigy gazyň hili babatynda dünýä derejesiniň ölçeglerine laýyk bolmagyny şertlendirýär. Elbetde, bu gaz guýusynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.