Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar
27.11.2023

29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlise görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri giriziler.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Onuň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.