Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forum geçirildi
24.11.2023

22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forum geçirildi. Forum iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Foruma halkara guramalaryň wekilleri, Ýaponiýa, Azerbaýjan Respublikasy, ABŞ, Fransiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa Federatiw Respublikasy ýaly ýurtlardan iň iri 74 sany kompaniýanyň 150-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan bu foruma ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Sňwda-senagat edarasynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň dowamynda edilen çykyşlar hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly itergi berdi.

Forumda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda bank, ätiýaçlandyryş we maliýe ulgamynda daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň mümkinçilikleri, hukuk binýady, kanunçylyk hem-de döredilýän ýeňillikler barada söhbet edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen amala aşyrylýan we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalary barada gürrüň berildi. Daşary ýurt maýadarlary bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.

Forumda ykdysady ösüş üçin möhüm pudaklara aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň maýa goýum babatdaky geljegine giňişleýin syn berildi. Energetika we himiýa pudaklary, bu pudaklarda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar ýurduň «ýaşyl» maýa goýumlara, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we wodorod energiýasynyň ösýän pudagyna ygrarlydygyny, durnukly we ekologik taýdan arassa başlangyçlara geçjekdigini görkezdi.

Forumyň çäklerinde, köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda, iki ýurduň wekiliýetleri umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmelidigini nygtadylar.

Londonda geçirilen forumyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary «S&P» maliýe kompaniýasynyň ýokary derejeli wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde kesgitlenen ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   

«Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»