GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara informatika internet olimpiadasy geçiriler
23.10.2026

5-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçiriler. Olimpiada bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen onlaýn görnüşde guralar.

Olimpiadany Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň binýadynda guraýar.

Olimpiadada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.), Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplary we magistrantlary gatnaşar. Her bir okuw mekdebinden gatnaşýanlaryň sany 30 adamdan köp bolmaly däldir.

Bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşde geçiriler, okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn netijeler hem kesgitleniler. Resmi iş dilleri — türkmen, rus we iňlis dilleri. Olimpiada uniwersitet tarapyndan döredilen we dolandyrylýan Moodle platformasynyň binýadynda işlenip taýýarlanylan sanly onlaýn platformanyň üsti bilen geçirilýär. Obýektiwligi üpjün etmek üçin wideo gözegçilik we wideomaslahatlaşma serişdeleri arkaly uzak aralykdan gözegçilik edilip bilner.

Olimpiada iki tapgyrdan ybaratdyr: birinji tapgyr — “Sanly tehnologiýalar we informatika”, ikinji tapgyr — “Emeli aň we programmirleme”.

Şahsy bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50 göteriminden geçmeli däldir, diplomlar bolsa 1:2:3 gatnaşykda paýlanar. Toparlaýyn bäsleşikde I, II we III orunlary eýelän toparlar diplomlar bilen sylaglanar. Goşmaça sylaglar döredilip bilner: “Birinji tapgyryň iň ýokary netijesi”, “Emeli aňdan peýdalanyp taýýarlanan iň gowy çözgüt”, “Iň çalt dogry çözgüt” we “Iň netijeli programma kody”.