19-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «C5+1» formatyndaky Ministrler derejesindäki duşuşygyň çäklerinde Işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili hem gatnaşdy.
Maslahatyň maksatnamasy alty ugur boýunça guraldy: sanly tehnologiýalar; bilim we saglyk; wajyp minerallar we gazylyp alynýan serişdeler; energiýa we ulag infrastrukturalary; oba hojalygy we dokma toplumy; maliýe we maýa goýum. Bu ugurlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmekde, täze tehnologiýalary özleşdirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Işewürler maslahatynyň bilim we saglyk boýunça sessiýasynda adam maýasyny ösdürmek, bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we döwrebap hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Häzirki zaman ykdysadyýetinde ýokary hünärli işgärlere bolan islegiň artmagy ýokary okuw mekdepleri bilen önümçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy talap edýär. Bilim maksatnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ylmy-barlag işleriniň ösdürilmegi we öňdebaryjy tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen, bu pudaklaryň ösüşine hem goşant goşýar. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolsa dünýä tejribesini öwrenmäge we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.
Maslahatyň energiýa we ulag infrastrukturalary boýunça sessiýasy strategik ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Energetika ulgamynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşawy goramak möhüm wezipeler bolup durýar. Ulag infrastrukturalarynyň ösdürilmegi bolsa harytlaryň halkara bazarlaryna çykarylmagyna, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we sebit ýurtlarynyň ykdysady arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Bu ugurlaryň ösüşinde sanlylaşdyrma we innowasiýalar hem aýratyn orun eýeleýär. Önümçilik prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy we sanly gözegçilik ulgamlarynyň ulanylmagy serişdeleri tygşytlamaga hem-de işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki zaman şertlerinde bilimiň, ylmyň, energetikanyň we innowasion tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biridir.







