GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri daşary ýurt kompaniýalary bilen iri şertnamalary baglaşdylar
23.10.2026

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin möhüm resminamalara gol çekildi. 22-nji oktýabrda geçirilen dabaraly çärede «Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernleri halkara hyzmatdaşlary bilen jemi üç sany şertnamany we iki sany özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany resmileşdirdiler.

Uglewodorod serhetlerini giňeltmek we deňiz ýataklaryny özleşdirmek ugry boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň (CNOOC) arasynda möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki geljegi uly bloklarda bilelikde iş alyp barmagy göz öňünde tutýan resminama konserniň başlygy Guwanç Agajanow we CNOOC korporasiýasynyň ýolbaşçysy Çžan Çuanszýan tarapyndan gol çekildi.

Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek maksady bilen «Malaysian Petroleum Resources Corporation» kompaniýasy bilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi. Malaýziýa tarapyndan bu resminama korporasiýanyň prezidenti hem-de baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Ýazid Jafar gol çekdi.

Pudaklaýyn edaranyň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni önümçilik üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iki sany täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyklaryň birinjisi Hytaýyň «TENERGY TIANJIN CO., LTD» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Samiulla Gulam Sahi bilen, ikinjisi bolsa Gazagystanyň «KSP Steel» kompaniýasynyň satuw boýunça direktory Bauržan Kožabekow bilen resmileşdirildi.

Öz gezeginde «Türkmengaz» döwlet konserni hem gaz geçiriji ulgamlaryň tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen iri şertnama gol çekdi. Özbegistanyň «Galperin adyndaky Daşkent turba zawody» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen dürli görnüşli turbalary getirmek baradaky ylalaşyga Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew hem-de özbek kärhanasynyň direktory Wiktoriýa Susepina gol çekdiler.