GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Türkmennebit” döwlet konserni Aşgabatda Hazar deňziniň türkmen böleginiň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
22.10.2026

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” atly 31-nji halkara maslahatda (OGT 2026) Hazar deňziniň türkmen böleginiň maýa goýum mümkinçilikleri barada çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giň gerim aldy.

Hazaryň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnamaly bloga bölünendir. Maýadar olaryň biri ýa-da birnäçesi boýunça “Türkmennebit” döwlet konsernine arza bilen ýüz tutup biler. Eger kompaniýa bellenen talaplara laýyk gelse, gös-göni gepleşiklere çagyrylýar we onuň netijesinde “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da şertnamanyň başga bir görnüşi baglaşylýar.

Çykyş edeniň bellemegine görä, kanun maýadara diňe bir salgydyň — girdeji salgydynyň tölenilmegini, enjamlary getirmekde gümrük paçlaryndan boşadylmagyny hem-de çykarylan uglewodorodlardan öz paýyny erkin ulanmak hukugyny kepillendirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hazar kenarýakasynda önümi paýlaşmak hakynda şertnamalar esasynda “Dragon Oil”, “PETRONAS” we “ADNOC” kompaniýalary iş alyp barýar. 2026-njy ýylyň iýun aýynda “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň we “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň gatnaşmagynda şertnamalaýyn çäk bolan “19-njy blok” we “20-nji blok” boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama, şeýle hem 11–14-nji bloklarda 2D seýsmik barlag işlerini geçirmek baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Sözüniň ahyrynda Jumaýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady.