GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Mary–Türkmenabat awtomobil ýolunyň ýangyç infrastrukturasynyň ösdürilmegi «Galkynyş» käniniň ösüşini goldaýar
22.09.2026

10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda alty ýüz kilometre uzaýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp, ulanmaga berdi. Ýol Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny paýtagt bilen birleşdirýär we ýolagçylaryň hem-de ýükleriň çalt daşalmagyny üpjün edýär.

Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda häzirki zaman hyzmat ediş toplumlary, şol sanda ýangyç guýujy beketler guruldy. Ýoluň 372-nji kilometrinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň 245-nji hem-de 246-njy belgili ýangyç guýujy beketleri hereket edýär. Olar müdirligiň Ýolöten nebit önümleri kärhanasyna degişli bolup, onuň buýurmasy boýunça ýo­ka­ry hil­li hyz­mat et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Beketler dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Beketlerde A-95, A-92, A-80 hem-de ECO-93 kysymly benzini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýdurmak bolýar. Her beketde her biri altmyş tonna ýangyç sygýan bäş sany metal rezerwuar, şeýle hem bellenen talaplara laýyk gelýän ýangyna garşy enjamlar oturdyldy. Her bir beket bir gije-gündizde 750-ä çenli awtoulaga hyzmat etmäge ukyplydyr.

Beketleriň operatorlary üçin işlemäge hem-de dynç almaga şertler döredildi, töwerekdäki çäk abadanlaşdyryldy, agaç nahallary oturdyldy.

Şol bir etrapda ýerleşýän «Galkynyş» gaz käniniň gurluşygynda ulanylýan tehnikalary hem-de mehanizmleri ýangyç bilen üpjün etmekde awtoýoldaky ýangyç guýujy beketleriň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýedir. Gazy çykarmakda we daşamakda, gaz desgalaryny gurmakda hem-de ulanyş guýularyny burawlamakda peýdalanylýan ýük awtoulaglary hem-de gurluşyk tehnikalary şu we beýleki beketlerden benzin hem-de dizel ýangyjy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Bu bolsa kändäki işleriň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam edýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti