Türkmenistanyň energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tebigy gaz serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly çykarmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek meseleleri Bangkok şäherinde 14–17-nji sentýabr aralygynda geçirilen Gastech 2026 halkara energetika forumynyň esasy ugurlaryna gabat gelýär. Dünýäniň iri energetika çäreleriniň biri bolan bu forumda tebigy gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz pudagynyň geljegi, energetika howpsuzlygy, täze tehnologiýalar, maýa goýum mümkinçilikleri hem-de energetika infrastrukturasynyň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Tebigy gaz gorlaryna baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan energetika ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge, täze halkara ugurlaryny ösdürmäge we energiýa serişdelerini ygtybarly üpjün ediji döwlet hökmünde ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gastech 2026 halkara energetika forumynda öňe sürlen energetika howpsuzlygy, üpjünçilik çeşmeleriniň diwersifikasiýasy we durnukly ösüş baradaky pikirler Türkmenistan üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.
Forumyň dowamynda çykyş eden Ählumumy gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro häzirki döwürde dünýä energetika pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň energiýa howpsuzlygyny, energiýanyň elýeterliligini, ykdysady ösüşi we howa bilen bagly maksatlary deňagramly utgaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki şertlerde amaly çözgütleri işläp taýýarlamak, düşnükli we durnukly maýa goýum mehanizmlerini döretmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek energetika ulgamynyň geljegi üçin möhüm şert bolup durýar.
Waleri Dýukronyň belleýşi ýaly, tebigy gaz we suwuklandyrylan tebigy gaz dünýä energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmekde, üpjünçilik çeşmelerini giňeltmekde hem-de energetika ulgamlaryny diwersifikasiýa etmekde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär. Bu ugur Türkmenistan ýaly tebigy gaz öndüriji ýurtlar üçin halkara bazarlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde täze mümkinçilikleri döredýär.
Gastech 2026 halkara energetika forumynda energetika üpjünçiliginiň diwersifikasiýasy hem esasy temalaryň biri boldy. «Petroleum Economist» neşiriniň bilermeni Jozef Mýorfi dünýä energetika bazarlarynda soňky döwürde bolup geçen üýtgeşmeleriň üpjünçilik çeşmelerini, ulag ugurlaryny we şertnama mehanizmlerini diwersifikasiýa etmegiň ähmiýetini has-da ýokarlandyrandygyny aýtdy.
Jozef Mýorfiniň pikirine görä, energiýa serişdelerini import edýän ýurtlar üçin energetika howpsuzlygy dürli üpjün edijilere we döwrebap infrastrukturalara elýeterlilik bilen baglanyşyklydyr. Suwuklandyrylan tebigy gaz dürli sebitlerden üpjünçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýän bolsa, turbageçirijiler arkaly iberilýän tebigy gaz öndüriji we sarp ediji döwletleriň arasynda uzak möhletleýin energetika gatnaşyklarynyň möhüm bölegini emele getirýär.
Şonuň üçin häzirki döwürde esasy maksat diňe bir energiýa serişdeleriniň belli bir görnüşine daýanmak däl-de, eýsem ygtybarly, çeýe we diwersifikasiýa edilen energetika ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Türkmenistan hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze energetika taslamalaryna gatnaşmak we sebit hem-de dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.
Gastech 2026 halkara energetika forumynda Aziýanyň dünýä gaz bazaryndaky ähmiýetiniň artýandygy hem aýratyn nygtaldy. Sebitde senagat önümçiliginiň ösmegi, elektrik energiýasyna bolan islegiň ýokarlanmagy we sanly infrastrukturalaryň giňelmegi energetika serişdelerine bolan zerurlygy artdyrýar.
Halkara bilermenleriň bellemegine görä, geljekde öndüriji we sarp ediji ýurtlaryň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk dünýä energetika gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar. Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklary, strategik ýerleşişi we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty esasynda bu hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.







