GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň energetika pudagy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar
22.09.2026

Gaz çykarmak, Hazar deňzinde geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, sebit infrastrukturasyny ösdürmek hem-de tehnologik taýdan kämilleşdirmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilýän şertlerinde Türkmenistanyň energetika pudagy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Bu barada kompaniýasy «GaffneyCline» halkara energetika konsalting kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiw Trewersiň makalasynda aýdylýar. Makalany «Turkmen Energy Forum» halk köpçüligine ýetirdi.

Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, halkara energetika pudagynyň ünsi, Türkmenistanyň tebigy serişdeler kuwwatynyň gerimine garanyňda, barha köp amaly ugurlara — taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, infrastrukturanyň ösdürilmegine, bazarlara çykyşyň giňeldilmegine hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilýär.

Täze tapgyryň esasy şertleriniň biri hökmünde «Galkynyş» gaz käniniň mundan beýläk-de özleşdirilmegi görkezilýär. Onuň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine bdadalga berilmegi harytlyk gazyň öndürilişini artdyrmak üçin täze ulanyş guýularynyň burawlanmagyny hem-de gazy taýýarlaýan infrastrukturanyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Makalada bellenilen ýene bir ugur — Hazar deňziniň türkmen böleginde geçirilýän geologiýa-gözleg işleridir. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 1-nji blogyň çäginde ýerleşýän «Magtymguly» käniniň A8 baha beriş-gazyp çykaryş guýusy synaglaryň barşynda uly kuwwaty görkezdi. Sebitiň geljegi uly täze meýdançalaryny öwrenmek işleri geologiýa we seýsmiki barlaglaryň kömegi bilen dowam etdirilýär.

Makalada Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine aýratyn orun berilýär. Ýylda 33 milliard kub metre çenli taslama kuwwatyna eýe bolan bu gaz geçirijisi Türkmenistanyň gaz baýlyklaryny Günorta Aziýanyň ösýän bazarlary bilen birleşdirmelidir. «GaffneyCline» serişde binýadynyň we infrastrukturanyň sazlaşykly ösdürmeilmeginiň möhümdigini nygtaýar: «Galkynyş» käniniň özleşdirilmegi gazyň çykarylyş kuwwatyny artdyrýar, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bolsa sebit bazarlaryna ýol açýar.

Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, gaz baýlyklarynyň özleşdirilmegi Hazarda geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, infrastruktura mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hem-de hereket edýän känlerde tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi halkara operatorlar, inžiniring we hyzmat kompaniýalary, tehnologiýa işläp taýýarlaýjylar hem-de konsalting kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

«GaffneyCline» «Turkmen Energy Forum»-yň tehniki hyzmatdaşydyr we 2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň bilelikdäki guramaçylarynyň biridir.

Makalada Türkmenistanyň energetika pudagynyň indiki ösüş tapgyrynyň diňe onuň tebigy baýlyklar binýadynyň gerimi bilen däl-de, eýsem taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijeliligi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň berkligi bilen hem kesgitlenjekdigi bellenilýär.