GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň energetika mümkinçilikleri Gastech 2026 forumynyň gün tertibi bilen utgaşýar
22.09.2026

Bangkok şäherinde 14–17-nji sentýabr aralygynda geçirilen Gastech 2026 halkara energetika forumynda energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy, diwersifikasiýa, infrastrukturalary ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumda beýan edilen esasy ugurlar tebigy gazyň iri gorlaryna eýe bolan we energetika pudagyny yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň ileri tutýan strategiýasy bilen sazlaşýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Energetika serişdeleriniň ykdysady netijeliliginiň häzirki zaman infrastrukturasyna, innowasiýalara we bazarlara ygtybarly çykalganyň döredilmegine baglydygy nygtalýan forumda Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalar hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyry hem bar. Bu taslama täze ulanyş guýularyny burawlamagy we ýylda takmynan 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gaz öndürmäge niýetlenen önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegi göz öňünde tutýar.

Sebit energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi hem möhüm orun eýeleýär. Ýylda 33 milliard kub metr tebigy gaz geçirmäge niýetlenen bu taslama türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, Merkezi we Günorta Aziýanyň energetika arabaglanyşygyny güýçlendirmäge hyzmat eder.

Gastech 2026 halkara energetika forumyndaky çykyşlarda energetika pudagynyň geljeginiň maýa goýumlaryň möçberine, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşyna we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine bagly boljakdygy bellenildi. Emeli aň, seýsmiki maglumatlary seljermegiň täze usullary we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary ýaly çözgütleriň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda barha uly ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Bu ugurlar Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini ýene bir gezek tassyklaýar.

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi Gastech 2026 forumynda gozgalan meseleleriň dowamyna öwrüler. Onda gaz senagatyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak we sebit energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça halkara dialogyň täze tapgyryna badalga berler.