«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýylyň başyndan bäri 2 million 805 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi. Şeýlelikde, bu görkeziji boýunça meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi.
Toplum ýylyň başyndan bäri ýokary ykdysady görkezijileri gazanan iri senagat kärhanalarynyň hatarynda agzaldy. Türkmen nebitçileriniň çykarýan nebiti toplumda ýokary derejede gaýtadan işlenilýär: hünärmenler dünýä ülňülerine laýyk gelýän nebit önümleriniň onlarça görnüşini öndürýärler.
Toplumyň hünärmenleri we işgärleri önümçiligiň depginini artdyryp, işlerini dowam etdirýärler.







