Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde «Çalık Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz bilen Niderlandlar Patyşalygynda duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem türkiýeli işewür halkymyzyň dünýä mirasyna peşgeş beren ajaýyp ahalteke atlaryna bagyşlanan dabaralaryň özünde örän ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan Ýewropada guralan şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atşynaslyk sungatyny tutuş dünýäde dabaralandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda mundan beýläk-de ygtybarly köpri bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hemişe hyzmatdaş ýurtlar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik hem-de özara düşünişmek ýörelgelerinden ugur alýandygyny belledi. Şunda iki dostlukly we doganlyk ýurduň — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli, taryhy gatnaşyklaryň häzirki wagtda birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.
Işewür bildirilýän uly ynamyň özi üçin beýik mertebedigini beýan edip, ata Watany Türkmenistanda iş alyp barmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Çalık Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







