«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çapdan çykmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sany 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda okyjylara ýetirildi. Şondan bäri neşir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüş ýoluny şöhlelendirýän möhüm maglumat çeşmesine öwrüldi. Gazetiň sahypalarynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan iri taslamalar, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, täze känleriň özleşdirilmegi, nebithimiýa önümçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagy we pudagyň beýleki üstünlikleri giňden beýan edilýär.
Dabarada «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory, tejribeli žurnalistler, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri neşiriň geçen 15 ýyllyk taryhy, döredijilik ýoly we geljekki ösüş ugurlary barada çykyş etdiler. Çykyşlarda gazetiň sanly ulgama işjeň geçýändigi, elektron görnüşiniň döredilmeginiň bolsa neşiriň mümkinçiliklerini giňeldip, okyjylar köpçüliginiň artmagyna ýardam berendigi bellenildi.
Çäräniň dowamynda gazetde köp ýyllap zähmet çeken weteran žurnalistleriň, welaýat habarçylarynyň, şeýle hem önümçilik üstünliklerini we nebitgaz toplumynyň desgalaryny beýan edýän awtorlaryň goşantlaryna ýokary baha berildi. Ýygnananlar neşiri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we işgärler üçin amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.
Dabarada ozal «Nebit-gaz» gazetinde işlän Swetlana Goržina, Hojaberdi Baýramow we Mämmetgylyç Kütiýew barada ýakymly ýatlamalar aýdyldy. Olaryň döredijilik işleri neşiriň taryhynda möhüm orun eýeledi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Kärdeşler arkalaşygynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň adyndan gazetiň işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.







