Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Düsseldorf halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerden ugrady.
Birnäçe wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlary bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdymlar türkmen sungatynda aýratyn orna eýedir. Şeýle belent owazly aýdymlaryň Ýewropanyň merkezinde ýaňlanmagy dabaralaryň şowhunyny has-da belende göterdi hem-de ýurdumyz tarapyndan guralýan bu çärelere gatnaşýan daşary ýurtly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize türkmen sungatyny tutuş dünýäde wagyz etmekde durmuşa geçirýän işleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de Annajemal Nurmuhammedowany ýene bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny, geljekde hem kämil aýdym-saz eserleri bilen Watanymyzy wasp etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowa ýaş toýy mynasybetli gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döredijiligine türkmen halkynyň Milli Lideriniň şeýle ýokary baha bermeginiň özi üçin uly mertebedigini we hormatdygyny aýtdy. Annajemal Nurmuhammedowa mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda edýän tagallalary we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ussat aýdymçysy Seýitguly Tülegenow türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine döredilen «Jemal bagşy» atly aýdymy ýerine ýetirdi. Munuň özi Türkmenistanda sungat ussatlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany boldy.







