«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda bilim ulgamyna, bilim ulgamynyň ösüşine, esasan hem nebit wgaz senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýändigini bellediler. Orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanan döredijilik çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin berdi.
Täze okuw ýylyna gadam basan talyp ýaşlara ak ýol we okuwlarynda uly üstünlikler arzuw edildi.
Dabaranyň dowamynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän zerur şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.







