GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara beren öwüt-ündewleri ara alnyp maslahatlaşyldy
07.09.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde geçen umumy okuw sapagyna bagyşlanan çäre boldy. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy Türkmenistanda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýyly mynasybetli guraldy.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda öňde goýan wezipeleri barada maglumatlar berildi, onuň gymmatly nesihatlary aýdyldy.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän zerur şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.