«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagz-nesihat çäresi geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hem-de orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň wajyplygyny düşündirmäge gönükdirildi. Çäräniň dowamynda çykyş eden hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri ýollarda howpsuzlyk kadalaryny saklamagyň diňe bir şahsy jogapkärçilik bolman, eýsem tutuş jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtadylar. Şunda talyplara pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň hukuklary hem-de borçlary barada giňişleýin maglumatlar berildi. Orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem öz gezeginde talyp ýaşlaryň okuwda we durmuşda hemişe göreldeli bolmalydyklaryny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän zerur şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.







