GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň umumy okuw sapagy ara alnyp maslahatlaşyldy
07.09.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn Asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli söhbetdeşlik taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy Türkmenistanda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýyly mynasybetli guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanmalary, ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy. Mugallymlar üçin bolsa umumy okuw sapagy görelde mekdebi boldy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde geçiren umumy okuw sapagyna uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa etdiler.