29-njy awgustda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady. Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň içine girip, bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler. Munuň özi Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň pikirleriniň peýdalanylmagynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara, olaryň tekliplerine wajyp ähmiýet berilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde-de ýaşlaryň pikirlerini netijeli ulanmagy maslahat berýär. Çünki döwrebap pikirleniş ukybyna eýe bolan ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Arkadag şäheri hem ýaş, döwrebap şäherdir. Arkadagly ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden oňat baş çykaryp, internet arkaly innowasion tehnologiýalara degişli derejede erk edip bilýärler, intellektual mümkinçilikleriň ähmiýeti barada düşünjelerini paýlaşýarlar.
Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip, olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler, türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala aşyrylmagy ýola goýlupdyr. Monitor arkaly gözleýän ugruňa degişli düwmäni basyp, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Innowasion tehnologik gurluşly monitoryň ýüzünde Watanymyzyň gözel tebigatyny, dag-derelerde, ýaýlalarda ahalteke bedewleriniň we taýçanaklaryň çapyp barýan pursatlaryny, bedew şekilleri çitilen halylary 3D görnüşli animasion wideoşekiller arkaly synlap bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýänlerde täsin duýgulary döreder.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. «Ahalteke bedewiniň türkmen halysy we tebigatymyz bilen utgaşmasy ajaýyp sazlaşygy döredýär. Milli mirasymyza degişli gymmatlyklarymyzyň tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny halkymyza, şol sanda bu ýere geljek daşary ýurtly myhmanlara görkezýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şeýle innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerinde ornaşdyrmagy maslahat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde Derýageldi Orazow şekil taslamalary, olara degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.
Taslamalarda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri görkezildi.
Türkmen halkynyp Milli Lideri şekil taslamalary, berlen maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz çagalar bagynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. «Çünki ýaşlar alan milli terbiýesi esasynda geljekde ösüşlere goşant goşup, Watanymyzyň bedew badyna dahylly bolarlar. «Şoňa görä-de, olaryň häzirki wagtdan kalbynyň, aňynyň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhuna baý bolmagyny gazanmak gerek» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri beýan edilen maglumatlar we görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy, maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady. «Özi-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alnyp, bu ýerde döredilýän amatlyklar Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginiň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: «Toplumyň çägindäki muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr» diýip nygtady. Bellenilişi ýaly, at çapyşyklaryna niýetlenen toplumyň aýlaw meýdançasynyň ýaşyl zolakly böleginiň merkeziniň bezeg serişdeleri yşyklar arkaly döwrebaplaşdyrylmalydyr, şonuň ýaly-da toplumyň gijeki görnüşleri dürli yşyklandyryjy we ýagtylandyryjy serişdeler bilen şugla saçmalydyr. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, amala aşyrylýan işleriň Watanymyzyň ýokary we döwrebap derejede uly ösüşleri gazanýandygyny alamatlandyrmalydygyny belledi. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny artdyrdy. Şol pursat atyň bady tizlendi. Şeýle pursatlarda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewde gezim etmegini tamamlady. Munuň özi ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy belende göterilýär. Şunda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan köp sanly üstünliklerini bellemek gerek. Ýakyn günlerde bolsa ahalteke bedewleriniň şanyna Niderlandlar Patyşalygynda halkara çäreler geçiriler. Bu bolsa türkmeniň milli gymmatlygynyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynda taryhy waka öwrüler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň «Taýçanak» binasyndan «Polatly» binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol gurluşygy boýunça işleriň depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň hem-de beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary işlerini sazlaşykly gurap, utgaşykly alyp baranlarynda, ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny aýdyp, öz maslahatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.







