Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä Onuň Alyjenaby, Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-niň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
«Patyşa Harald V çuňňur paýhas we jogapkärçilik bilen köp ýyllaryň dowamynda Norwegiýanyň yzygiderli ösüşi, onuň halkynyň agzybirliginiň berkidilmegi ugrunda zähmet çekdi» diýlip hatda bellenilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu agyr pursatda Norwegiýanyň Patyşasy Hokon VIII-ä, maşgala agzalaryna we Norwegiýanyň halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.







