30-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegi ýolbaşçylyk edýän wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ösüşine iň ýokary we ýokary derejede yzygiderli geçirilýän gatnaşyklaryň esasy itergi berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Taraplar halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde işiň utgaşdyrylyşynyň netijeliligini nygtadylar, şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ugruny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazhimiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi.
Ýapon tarapynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna gatnaşan birnäçe ýapon kompaniýalarynyň, şol sanda «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalarynyň üstünlikli gatnaşygy nygtaldy. Taraplar şeýle-de şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň mejlisine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.







