GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenenergo» döwlet elektrik energetik korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada tabşyryk berdi
29.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.