Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Wise-premýer Guwanç Agajanowyň degişli teklibini 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow makullady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça teklibi makullap, wise-premýer Guwanç Agajanowa degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.







