GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary üstünlikli tamamlandy
18.07.2026

Gruziýa döwlet saparyny tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döredýär, üstünlikli geçirilen gepleşikler bolsa özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýar.