GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Berdimuhamedow we Irakliý Kobahidze ýokary derejedäki türkmen-gruzin duşuşyklarynyň netijelerini jemlediler
18.07.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran ikinji döwlet saparydygyny, birinji sapary 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrandygyny belledi. Gruziýanyň Hökümet Baştutany şu saparyň gruzin-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigini, bu resminamalaryň gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda özara gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, Gruziýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaş hem-de dostlukly döwlet hökmünde garaýandygyny belledi. «Biziň gatnaşyklarymyz köpýyllyk hyzmatdaşlyga we özara hormat goýmaga esaslanýar» diýip, Irakliý Kobahidze aýtdy.

Gruziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, infrastrukturanyň kämilleşdirilendigini, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylandygyny belläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiň ýoly bilen öňe gitjekdigine ynam bildirdi. Ol ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we özara söwdany, eksporty giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.

Irakliý Kobahidze gepleşikleriň dowamynda halkara we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, Gruziýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň Premýer-ministri çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Gruziýanyň Premýer-ministri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini, bu duşuşyklaryň dostlukly we işjeň ýagdaýda geçendigini, saparyň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti bilen hem duşuşygyň geçirilendigini aýdyp, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Gruziýanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklandygyny nygtady. «Biz mundan beýläk-de ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny döretmek, yzygiderli diplomatik tagallalary etmek barada ylalaşdyk. Gruziýa ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Gruziýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny we beýleki birnäçe ugurlarda halkara başlangyçlaryny goldaýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Gruziýanyň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin anyk şertleri döretmäge aýratyn üns berildi. Saparyň dowamynda Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty, Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi üstünlikli geçirildi. Haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmekde iki ýurduň uly mümkinçiliklere eýedigi tassyklanyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde iki ýurduň telekeçilik düzümlerine aýratyn orun berildi. Şeýle-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny hyzmatdaşlygyň strategik ugry hökmünde belläp, Günorta Kawkazyň «Hazar deňzi — Gara deňiz» üstaşyr ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda Gruziýa geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda «Lazurit» geçelgesi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň gatnaşmagynda «Hazar deňzi — Gara deňiz» geçelgesi taslamasy ýaly ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki geljegi uly taslamalaryň bardygyna ünsi çekdi. «Şeýle hem ýurtlarymyz TRACECA ulag geçelgesiniň gatnaşyjylary bolup durýarlar. Bu taslamalaryň ählisi boýunça işleri ikitaraplaýyn derejede dowam etdirmek barada ylalaşdyk» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamynda, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde Gruziýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň gowy mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gruziýanyň medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik babatda hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleri döretmek barada ylalaşylandygyny, ylym-bilim ulgamlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdiginiň bellenilendigini, saparyň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesine gabat gelýändigini belläp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeni bu sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek ýylda bu taryhy wakanyň 35 ýyllygyny giň gerimde, ýokary derejede bellemegiň teklip edilendigini tassyklady.

«Biz Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirýäris. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň geljekde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we çykyşynyň ahyrynda Gruziýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.