Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze formatlaryna çykmaga güýçli itergi bermäge gönükdirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň çäklerinde guraldy. Bu möhüm çäräniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň gatnaşmagy onuň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.
Döwlet we hökümet Baştutanlary sergi pawilýonlaryna bilelikde aýlanyp, türkmen ykdysadyýetiniň köpugurly kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergä bolan ýokary gyzyklanma taraplaryň netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara taýýardyklarynyň aýdyň beýanydyr.
«Ekspo Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu çärä işjeň gatnaşmagy olaryň Gruziýanyň we tutuş Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga doly taýýardyklaryny görkezýär.
Sergi eksponatlary ýurdumyzyň senagatlaşma depgininiň ýokary derejesini, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary ykdysady syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tbilisidäki giň gerimli çäre diňe bir Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini dabaralandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin berk binýady döretdi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.







