GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Ýaponiýa alternatiw energiýa çeşmeleri ulgamynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeldýärler
17.07.2026

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti Akihiko Tanaka bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan syýasatyna ýokary baha berdiler. Hususanda, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçiniň arasynda geçirilen dostlukly we işjeň gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns wodorod energiýasy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmeklige berildi.