GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabat Pekin bilen energetika gepleşiklerinde ornuny berkidýär
06.07.2026

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri boldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin häzirki zaman Hytaý döwletiniň kemala gelmeginde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň uly ornuny belledi.

Szi Şumin çykyşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine hem aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesi Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goldawynyň netijesidir.

Häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlyk, aýratyn-da strategik ähmiýetli energetika pudagynda ýokary netijeliligi we durnukly ösüşi görkezýär – diýip, ilçi aýtdy.

Şeýle hem diplomat Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýanyň ýakynda Aşgabada amala aşyran saparyny möhüm waka hökmünde görkezdi. Onuň bellemegine görä, bu sapar uly üstünlige eýe bolup, diňe bir ýangyç-energetika toplumynda däl, eýsem, çig mal pudagynda we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda hem bilelikdäki başlangyçlara täze itergi berdi.

Çykyşynyň ahyrynda Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Türkmenistan bilen özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny nygtady.